TÄZELIKLER

2024-02-06


Jemgyýet

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony rekordy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko gutlag hatyny iberdi.

"Sizi uly üstünligiňiz — älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordyny gazanmagyňyz bilen döwlet Baştutanymyzyň we onuň üsti bilen Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan gutlaýaryn" diýlip hatda bellenýär.

"Biz Türkmenistanda gadymy türkmen topragynda doglan watandaşymyzyň görnükli älemi öwreniji bolandygyna, öz asylly işinde häzirki wagta çenli görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetendigine buýsanýarys. Ilkinji bolmak hemişe hormatlydyr, şol bir wagtda, ýeňil hem däldir. Sebäbi öňdebaryjy bolmak, ilkinji nobatda, jemgyýetiň, ýurduň, Siziň ýagdaýyňyzda bolsa bütin dünýäniň öňünde hem ýokary jogapkärçilikdir" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Kononenkonyň kosmos rekordynyň Türkmenistanda, dünýäniň köp ýurtlarynda we halkara guramalarda şanly ýubileýiň — türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, akyldar, şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda amala aşyrylandygynyň aýratyn manysyny bardygyny belledi. Türkmeniň nusgawy şahyry öz şygyrlarynda dost-doganlygy wasp edip, parahatçylyga, agzybirlige, raýdaşlyga çagyrdy, ylym-bilimiň möhüm ornuny belläp geçdi. Älem giňişligini öwrenmegiň, ony Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň bähbidine parahatçylykly maksatlar bilen ulanmagyň esasynda hem hut şu garaýyşlar we gymmatlyklar durýar.

"Häzirki kosmos işiňizi tamamlanyňyzdan soňra, türkmen halky Sizi Magtymgulynyň şanly baýramçylygynda Türkmenistanda görmäge şat bolardy" diýlip, bellenilip, Oleg Kononenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze uly üstünlikler arzuw edildi.

Tamamlanmagy 23-nji sentýabra meýilleşdirilýän Oleg Kononenkonyň komandirligindäki şu gezekki missiýanyň netijesinde, kosmonawtyň amala aşyran 5 missiýasynyň dowamynda agramsyz giňişlikde geçiren wagty jemi 1110 güne barabar bolar.

Orient Link: https://orient.tm/tm/post/67901/gurbanguly-berdimuhamedow-turkmenistanyn-gahrymany-oleg-kononenkony-rekordy-bilen-gutlady

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.