2024-01-17
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, döwrüň talabyna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna Milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmekde ýerine ýetirilen anyk işler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” kabul edilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň düzümini hil taýdan ýokarlandyrmak üçin harby özgertmeleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, harby gullukçylary okatmak we olaryň taýýarlygynyň derejesini kämilleşdirmek, Watana, harby gulluga wepaly ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri talabalaýyk alyp barmagyň zerurdygyny aýtdy.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew prokuratura edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, prokuratura edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, şeýle hem öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen, S.Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine Begmurat Muhamedow bellenildi.
Baş prokuraturanyň täze ýolbaşçysy münbere geçdi hem-de Harby kasama, Watana hemişelik wepalylygyň we halkymyzyň parahat, döredijilikli durmuşynyň goragynda jan aýaman durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet baýdagyna tagzym etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekip we wezipä täze bellenen Baş prokurora işinde üstünlikleri arzuw edip, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda kanunlaryň ýerine ýetirilişine we hukuk namalarynyň kanunylygyna prokuror gözegçiligini ýola goýmak, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Baş prokurora ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna görä pugtalandyrmak, prokuratura işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda işleri üstünlikli dowam etdirmek tabşyryldy.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmegiň we hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň çäklerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, degişli düzümleri iň täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň, jenaýatçylyga garşy göreşmegiň, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmeginiň barşy, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramak boýunça işleri üstünlikli dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Içeri işler edaralarynyň jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky işlerini kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Içeri işler edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin olary döwrebap tehniki serişdeler, awtoulaglar bilen üpjün etmek işlerini dowam etdirmek möhümdir. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, sanly ulgamy ornaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak babatda anyk çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Bu işiň esasy maksady raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwlet hem jemgyýetçilik bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagyny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň yzygiderli kämilleşmegi kazyýet ulgamynyň hem döwrebap hereket etmegini talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Ýokary kazyýetiň başlygyna kazyýet ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet ösüşiniň wezipelerini üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýan parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhediniň goňşy we beýleki döwletler bilen dost-doganlygyň serhedidigini aýtdy hem-de “Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, Döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin Serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän düzüminde 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu düzümiň işinde sanly ulgamy işjeň ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ilata hukuk kömegini bermek, türkmenistanlylaryň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan milli kanunçylygymyz halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmelidir. Kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanuny bolmagyny, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň wezipelerine we ösüşine laýyk gelmegini gazanmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işler, gullugyň işini kämilleşdirmek we onuň ähli düzümlerinde işiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegi we daşary ykdysady işiň geriminiň giňemegi netijesinde, ýurdumyzyň daşary söwdasynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýylsaýyn artýandygyny belledi. Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ulag geçelgeleriniň täze ugurlarynyň döredilmegi bilen, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijiligi hem yzygiderli ýokarlanýar. Bu bolsa gümrük nokatlaryndaky gözegçiligi döwrebap derejede, sazlaşykly hem-de ygtybarly guramagy talap edýär. Şoňa görä-de, gümrük nokatlary zerur desgalar, barlag-gözegçilik enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu enjamlaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp, ulaglary we harytlary ygtybarly gözegçilikden geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna döwrüň talaplaryna laýyklykda, gümrük amallaryny, edilýän hyzmatlary sanly ulgamyň üsti bilen ýerine ýetirmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmek tabşyryldy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, bu düzümiň işgärleriniň gulluk etmegi, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Diýarymyzyň halkara maslahatlaryň, medeni çäreleriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, migrasiýa babatda adamlara ýokary hilli hyzmatlary etmek boýunça migrasiýa edaralarynyň öňünde uly wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylaryna harby we ýörite atlary, hünär derejesini bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permanlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz gol çekilen Permanlara laýyklykda, degişli ýolbaşçylara mynasyp bolan sylaglaryny gowşurdy. Olar halkymyza, Watanymyza, döwlet Baştutanymyza wepalylyk kasamyny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini hem-de bu işiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm
Ähli hukuklar goralan.