TÄZELIKLER

2023-09-14


Syýasat

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Täjigistanda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany” bilen sylaglandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Duşenbe şäherinde ýerleşýän “Kasri Millat” köşgünde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Prezidentine Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara çäreleriň çäklerinde ýokary sylag bilen sylaglanandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sylaga türkmen halkyna goýulýan uly hormatyň nyşanydygyny belläp, oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge Türkmenistanyň goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini aýtdy.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we birnäçe Ylalaşyklara gol çekildi.

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.