2022-08-12
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Bu baýramçylyk Hazarýaka döwletler tarapyndan her ýyl bellenilýär.
“Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.
Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli we bölünmez howpsuzlygy üpjün etmekde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzini “Mümkinçilikler deňzi” diýip atlandyryp: “Biz bilelikde Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan azat bolan durnuklylyk hem-de ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris. Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meselelere gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys” diýip belledi.
«Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine Hazar bilen bagly möhüm ugurlar — syýasat, ykdysadyýet, söwda, ekologiýa, ynsanperwer gatnaşyklar boýunça meseleler girizildi. Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, alymlar, şeýle-de Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzdaky edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda kenarýaka ýurtlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy şertleriň jemlenmesine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu şertler ykdysady, durmuş we ekologik meseleleriň bitewi toplumynyň çözgüdini özünde jemleýär. Çykyşlarda bu ulgamda sebitiň döwletlerinde alnyp barylýan köpugurly işler hemmetaraplaýyn şöhlelendirildi.
Bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak hem-de tebigatdan rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyp, BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, onuň yzygiderli, toplumlaýyn we netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda ähli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberlerinden beýan edilen Hazar deňzi bilen baglanyşykly ekologik meseleleri çözmäge gönükdirilen başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, deňziň daşky gurşawyny goramak bilen bagly meselelere seretmek hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik hereket edýän edara hökmünde Hazar ekologiýa forumyny döretmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz özbaşdak, döwlete dahylsyz, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin Hazarýaka ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda işleýän düzümleýin edaralarynyň wekilleri hem çykyşlarynda bu barada bellediler. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy mundan 20 ýyl ozal ýurdumyzyň birinji Hazar sammitini Aşgabatda geçirmegi teklip edendigini belledi. Bu sammit Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine badalga berip, häzirki günde Hazar meselesi boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde işjeň orun eýeleýär.
Bellenilişi ýaly, BMG Türkmenistanyň Hazar deňziniň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek, onuň bioserişdelerinden hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak baradaky garaýyşlaryny, şeýle-de türkmen tarapynyň bu ugurda bilelikdäki işiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek baradaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjyny goldaýar.
BMG-niň ýurdumyzyň Hazar deňziniň baý tebigy serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga hem-de tehniki goldaw bermäge taýýardygy nygtaldy.
Halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlarynda BMG tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Bu hukuk derejesi sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen we gurama agza döwletleriň köpüsi tarapyndan goldanylan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly täze Kararnamasynyň kabul edilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary beýan edildi. Bu merkez ýurdumyzyň ekologik abadançylygynyň we ykdysady howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar. Munuň özi ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. ÝHHG tarapyndan sebit derejesinde amala aşyrylýan giň gerimli başlangyçlaryň hem-de taslamalaryň hatarynda “Hazar deňzi sebitinde “ýaşyl” portlara hem-de özara baglanyşyga ýardam bermek” taslamasy maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi hem-de ol ýörite wezipeleriň birnäçesiniň oňyn çözülmegine, şol sanda ekologik taýdan arassa “ýaşyl” energiýanyň ilerledilmegine gönükdirilendir.
Hazarýaka döwletleriň ilçihanalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň jemlerine ýokary baha berildi. Şol sammitde kabul edilen çözgütleriň hem-de öňe sürlen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikir alyşmalar boldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki günde deňizde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine degişli bäştaraplaýyn pudaklaýyn resminamalaryň birnäçe taslamalary bar, türkmen tarapynyň tagallalary netijesinde, köp babatda olary ylalaşmak boýunça öňegidişlik gazanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Hazarýaka döwletleriň deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmekde, gözleg we halas ediş ulgamynda, suw bioserişdeleriniň bikanun ulanylmagyna garşy göreş ulgamynda, suwdan peýdalanmak hem-de deňizde ylmy barlaglary geçirmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalaryň üstünde işleýändikleri bellenildi. Taryhy we medeni kökleri açyp görkezýän bilelikdäki ynsanperwer taslamalar, ylmy we bilim maksatnamalary, syýahatçylyk we sport çäreleri, şeýle-de ýaş nesilde daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti baradaky düşünjäni terbiýeleýän ekologik çäreleriň geçirilmegi hem Hazar deňziniň baýlyklaryny gorap saklamakda özboluşly goldaw bolar diýip, maslahata gatnaşyjylar nygtadylar.
Ýygnananlar Hazar deňziniň durnukly ösüşiniň, tebigy ekologik ulgamlaryň daşky gurşawyň durnuklylygyny kepillendirýän derejä çenli kem-kemden dikeldilmegine diňe Hazarýaka döwletleriň ählisiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde ýetmegiň mümkindigi baradaky bir pikiri beýan etdiler. Bu ýurtlar geçen döwrüň dowamynda Hazar deňzi bilen baglanyşykly ähli ugurlary öz gerimine alýan hukuk resminamalaryny bilelikde çözmäge, ylalaşmaga, kabul etmäge taýýardyklaryny görkezdiler.
Çykyşlarda, şeýle-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň öň ýanynda bu duşuşygyň geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Hazar ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategik sebitdir.
Hazar deňzi sebitiň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen köp sanly halkara taslamalaryň ähmiýetli bölegi bolup durýar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly we howpsuz düzümleri döretmek, ýokary düşewüntli hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalary çekmek ugrundaky tagallalar kenarýaka döwletleriň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler.
Maslahatyň barşynda Türkmenistan tarapyndan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Tähran konwensiýasyny durmuşa geçirmek, bu täsin tebigy suw howdanynyň biologik köpdürlüligini goramak, onuň hapalanmagynyň öňüni almak, deňziň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işinde ekologik kadalary berjaý etmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek we beýleki ugurlar boýunça milli we halkara derejelerde geçirilýän yzygiderli işleriň esasy ugurlary hem-de netijeleri beýan edildi.
Hyzmatdaşlygyň bäştaraplaýyn gurallarynyň netijeliligi, gepleşikleriň täze görnüşleriniň mümkinçilikleri nygtaldy. Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek hem-de peýdalanmak, söwda gämi gatnawy, syýahatçylygy ösdürmek, Hazaryň düýbüniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek we peýdalanmak boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.
Hazar sebiti uglewodorod serişdelerini çykarmak we ibermek boýunça iň iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde okgunly ösýär, ählumumy derejeli ulag geçelgesine öwrülýär. Şeýle şertlerde umumy wezipeleri çözmek — bar bolan ykdysady bähbitleri tebigatyň hakyky göwheri, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşlerine örän baý Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini saklamak, ekologik deňagramlylygyň bozulmagyna ýol bermezlik zerurlygy bilen utgaşdyrylmagy möhümdir.
Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň gününiň jemgyýetçilige dünýäde ähli zadyň özara baglanyşyklydygy, bu deňziň ekologik deňagramlylygyny bozmak bilen, hemmeler üçin gymmatly bolan bu deňziň ajaýyplyklaryny ýitirmek howpunyň bardygyny duýdurmak üçin ýene bir gezek ýüzlenmäge amatly mümkinçilikdigi baradaky bir pikire geldiler.
Foruma gatnaşyjylar onuň jemlerini jemlemek bilen, Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigi barada gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň garaýyşlarynyň birdigini nygtadylar hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine gulluk edýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Ýygnananlar bu duşuşygy geçirmäge döredilen ajaýyp şertler, şeýle-de tebigaty we Hazar deňziniň gurşawyny goramak hakynda ýadawsyz aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňziniň gününe bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
Şeýle-de Hazar deňziniň gününiň maksatnamasyna medeni-sport çäreleri girizildi. Olar “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirildi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan ýaryşlara Türkmenbaşy şäheriniň Awazada dynç alýan çagalary hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasy konsert bilen tamamlandy. Onda Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleri hem-de çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary çykyş etdiler.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»
Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm
Ähli hukuklar goralan.