TÄZELIKLER

2022-07-08


Komitet barada

Türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.

Dokma senagaty toplumynda, şol sanda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Şunlukda, obasenagat toplumyna ylmyň täze gazananlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Döwletimiziň yzygiderli goldawy esasynda ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmeti arkaly öndürilen piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, ata-babalarymyzyň gadymy hünärleriniň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýunda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada geçiren maslahatynda geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberiniň has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Hut şu işler hem ýüpekçilik pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini doly ýüze çykarýar.

Bu pudagyň ösdürilmegine onuň halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolanlygyndan ugur alnyp, aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, ýüpekçilik dokma senagatyny belent sepgitlere çykarmaga ýardam edýär. Ýüpek keteniden tikilen egin-eşikler türkmen zenanynyň gadymdan gelýän milli lybaslarydyr. Örän owadan, köpöwüşginli, nepis we berk “mulham” hem-de “kazin” matalary gadymy Merwiň çeper elli ussatlary tarapyndan dokalypdyr, ýüpekden dokalan ajaýyp türkmen halylary gadymdan bäri Günbatary we Gündogary ygtybarly söwda ugurlary bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça kerwenlerde onlarça ýurtlara iberilipdir. Şeýle-de Merwde dünýäde ýeke-täk ýüpekçilik akademiýasy bolupdyr.

Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýurdumyzyň ýüpekçiliginiň taryhy barada gymmatly maglumatlary getirýär. Kitapda bellenilişi ýaly, merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Şähere suw barýan Majan hem-de Razik akabalarynyň töwereginde tut agaçlary ösüpdir. Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir. Pileden çöşlenip alynýan ýüpek sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir.

Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen, gadymdan gelýän bu milli pudak gaýtadan dikeldilýär. Ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şunda tut agaçlarynyň ýurdumyzda ekilýän iň gowy görnüşleriniň ýaýradylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda öndürilýän piläniň möçberleriniň artdyrylmagy, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gymmatly çig mal bilen doly üpjün edilmegi, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler munuň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda ýüpek önümçiligi döwrüň ösen talaplary esasynda ýola goýuldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümler — çig ýüpek, inçe ýüpek ýüplük, matalaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Bu önümler iň ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Ýüpek süýüminden başga-da, ajaýyp ýüpek halylar, keteni matalarydyr gyňaçlar öndürilýär. Bu önümler daşary ýurtly sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar.

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi arassa ýüpekden matalaryň we tikin önümleriniň dürli görnüşlerini öndürip, möhüm buýurmalary ýerine ýetirmek — türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan baýdak matasyndan Döwlet baýdaklaryny taýýarlamak bilen meşgullanýar. Ýüpek süýümi paýtagtymyzdaky panbarhat matasyny öndürýän fabrigiň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Bu owadan mata bütin dünýäde zenanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Kärhanada ýüpek çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemekden başlap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli taýýar önümleri öndürmäge çenli doly önümçilik ulgamy takyk ýola goýuldy.

Dokma işewürliginiň häzirki zaman dünýäsinde pileden taýýarlanylýan ýüpek çig maly türkmen eksportynyň möhüm ugruny düzýär. Daşary ýurtlaryň galantereýa önümlerini, lukmançylykda, awiasion senagatda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ulanylýan tehniki dokma önümlerini öndürýän kompaniýalaryndan ýokary hilli ýüpek süýümini eksport etmek boýunça möhüm teklipler gelip gowuşýar. Häzirki döwürde ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleriniň diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynyň dokma we tikinçilik ulgamlarynda däl, eýsem, beýleki ugurlarda-da uly isleg döredýändigi has äşgär ýüze çykýar. Dürli reňkli, köpöwüşginli ýüpek ýüplüklerine hem-de sapaklaryna islegleriň ep-esli artmagy hususy kärhanalarda elde dokalýan halylaryň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, milli nagyşlaryňdyr keşdeleriň döredilmegi bilen şertlendirilendir.

Dokma senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça strategik wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Dokma senagaty ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşen 70-e golaý kärhanasynyň bolmagy bilen, ýokary tehnologik kuwwata hem-de ygtybarly çig mal serişdelerine eýedir.

Pudagyň diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmegine hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna, kärhanalaryň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň önümleriniň hili ýokarlanýar we görnüşleri artýar. Olar daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýär. Häzirki wagtda pudagyň önümçilik binýadynyň esasyny pagta egriji, dokma, tikin fabrikleri düzýär.

Dokma pudagynyň kärhanalarynyň işiniň esasy ugurlarynyň ýene-de biri ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde lybaslary taýýarlamakdan ybaratdyr. Şonuň esasynda türkmen türgenleriniň iri milli we halkara ýaryşlara gatnaşmagy üçin degişli nyşanlary, milli aýratynlyklary bolan gelşikli geýimleri taýýarlamak baradaky ýörite buýurmalar ýerine ýetirilýär.

Türkmen halyçylyk sungaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini görkezýär. Bu sungat gözbaşyny halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy we maddy medeniýetiniň däplerinden alyp gaýdýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn syýasaty netijesinde milli mirasymyzy goramaga we baýlaşdyrmaga, halyçylygy ösdürmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Bu çeper senetçiligi giňden wagyz etmek, gadymy matalaryň nusgasyny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Ozaldan hereket edýän fabrikleriň we önümçilik sehleriniň binýadynda täze bölümler açylýar, bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Olarda netijeli zähmet çekmek we ussat halyçylaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçilik kärhanalarynyň çeper elli halyçylary ajaýyp ýüň we ýüpek halylary dokap, türkmen halkynyň örän baý ruhy-medeni mirasynyň gaýtalanmajak görnüşini gaýtadan dikeldýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir.

Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan haly gölleri halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, milletimize mahsus parasatlylygy, ajaýyplyklara bolan çäksiz isleglerini alamatlandyrýar. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde bezeg nagyşlarynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Türkmen halyçy zenanlarynyň gadymy döwürlerden bäri uly meşhurlyga eýe bolan el halylary häzirki wagtda-da hemmeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň gözelligi hakyndaky “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplaryň awtory bolan Gahryman Arkadagymyzyň bu milli sungaty ösdürmäge beren uly goldawy netijesinde täze taryhy döwürde bu miras mynasyp dowamata eýe bolýar.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty el halylarynyň dokalyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga hem-de bu sungata sarpa goýýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň üçin ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artdyrylýar. Hususy işewürlik düzüminiň wekilleri hem milli halyçylyk senedini giňden ösdürmäge mümkinçilik aldylar, olar bazarlary nepis we ýokary hilli haly önümleri bilen üpjün edýärler.

Ýöriteleşdirilen halkara sergiler dokma senagatynyň gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezýär. Forumlar dokma önümlerini öndürýän we iň täze tehnologiýalary hödürleýän dünýäniň esasy kompaniýalarynyň, firmalarynyň ünsüni özüne çekýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň dokma hem-de haly önümlerini dünýä bazarlarynda giňden wagyz etmek maksady bilen, olar daşary ýurtlardaky dürli gözden geçirişlerde görkezilýär. Ugurdaş kärhanalaryň işgärleri önümçiligiň täze ugurlaryny döretmek bilen bir hatarda, öndürýän önümleriniň hil derejesine aýratyn üns berýärler — taýýarlanylýan önümler ýurdumyzda hereket edýän ekologik talaplara doly laýyk gelýär.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi pudagyň önümçilik kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna, umuman, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.