TÄZELIKLER

2022-05-27

Ýurdumyzda galla oragyna başlamaga ak pata berildi

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berip, ýaşululara ýüzlenip, galla oragyna «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Daşoguz welaýatynda 145 müň gektar meýdanda ýetişdirilen galla hasylyny ýygmak üçin kombaýnlaryň 428-sini we galla kabul ediş nokatlarynyň 28-sine hasyly daşamak üçin awtoulag serişdeleriniň 2135-sini çekmek göz öňünde tutulýar. Ekin ýerlerden 265 müň tonna galla ýygnalar. Umuman ýurdumyz boýunça 690 müň gektar meýdandan 1,4 million tonna galla ýygmak göz öňünde tutulýar.

«Altyn asyr» elektron gazeti

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.