TÄZELIKLER

2022-07-01

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-Özbek hökümetara toparynyň ikinji mejlisi

Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçirilen Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara Toparynyň ikinji mejlisiniň işine 2022-nji ýylyň 1-2-nji iýulynda gatnaşmak üçin, gulluk iş saparynda boldy.

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara Toparynyň ikinji mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça Orunbasary, Toparyň türkmen böleginiň ýolbaşçysy A.Ýazmyradow hem-de Toparyň agzalary bolan ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, özbek tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň agrar we azyk ösüşi meseleleri boýunça Orunbasary, Toparyň özbek böleginiň ýolbaşçysy Ş.Ganiýew hem-de Toparyň agzalary bolan Özbegistan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň ikinji mejlisini açyp, A.Ýazmyradow çykyşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny, şol sanda suw hojalyk ugrunyň bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde uly orun eýeleýändigini hem-de iki döwletiň Baştutanlarynyň geçirýän ýokary derejeli duşuşyklarynda türkmen we özbek gatnaşyklarynyň has-da ösüdirilýändigini belläp geçdi.

Soňra Toparyň özbek böleginiň ýolbaşçysy Ş.Ganiýew iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellemek bilen, bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigini çykyşynda aýtdy. Toparyň ikinji mejlisinde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary S.Ataýew, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedow hem-de Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary S.Saparow çykyş edip, iki döwletiň arasynda suw hojalygy ugry bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylyşy barada durup geçdiler.

Özbek tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalyk ministri Ş.Hamraýew we Döwlet günrük komitetiniň başlygynyň orunbasary I.Muhtarow çykyş edip, suw hojalyk ugry boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrlýan işleri çykyşlarynda bellediler.

Çykyşlardan soňra, Topar agzalary tarapyndan Teswirnamanyň taslamasy özara maslahatlaşylyp, ylalaşyldy.

Mejlisiň ahyrynda Toparyň ikinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekmek dabarysy geçirildi.

Şeýle hem, Toparyň mejlisi tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda suw hojalygy ugrundaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň suw hojalyk ugrunda hyzmatdaşlygyň alnyp barylyşy we geljekde ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijesi boýunça Teswirnama gol çekildi.

Mejlis hem-de duşuşyk özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.