TÄZELIKLER

2021-02-12


Komitet barada

Hindistanyň EXIM banky bilen Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň hem-de banklarynyň arasynda wideo arkaly iş duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 12-ne Hindistanyň EXIM banky bilen Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň hem-de banklarynyň arasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady taslamalar üçin ýeňillikli karz serişdelerini çekmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Merkezi bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, “Türkmengaz” , “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda EXIM banky öz alyp barýan işleri barada tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda gurmagy meýilleşdirilýän taslamalaryna karz serişdeleriniň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.