TÄZELIKLER

2021-10-10


Komitet barada

Ülkämiziň tebigy baýlygy

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» suw serişdelerini gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar. Suw desgalaryna akýan suwlardan we zeýkeş suwlardan gelýän zyýanly maddalary azaltmak, öňdebaryjy suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň ählumumy üýtgemegi bilen bagly uýgunlaşma çärelerini durmuşa geçirmek, suw desgalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň ýollaryny kämilleşdirmek suw serişdelerini rejeli ulanmak babatda esasy ugurlardyr.

Maksatnama laýyklykda, şu ýylyň awgust aýynyň 11-ne ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metre barabar bolan täze suw howdanynyň desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Suw howdanynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi Garagum derýasynyň aşak akymynda güýz we gyş döwürlerinde bol suw gorlarynyň toplanylmagyna, şeýlelikde bolsa, etrabyň çäginde bar bolan suwarymly ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmäge, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge amatly şertleri döreder. Bu işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde ýurdumyz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen «Rio+20» Bütindünýä maslahatynda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde guralan VII Bütindünýä suw forumynda birnäçe anyk başlangyçlar öňe sürüldi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2018 — 2028-nji ýyllar üçin «Suw durnukly ösüş üçin» diýen hereketleriň halkara onýyllygy» Rezolýusiýasynyň çäginde Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşyp eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we dünýäde suw diplomatiýasynyň umumydünýä parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy berkitmegiň möhüm ugurlaryny öňe sürdi. Suw meselelerini umumy dünýä derejesinde çözmek işleriniň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykda çylşyrymly häsiýete eýe bolýandygyny ykrar etmek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen düzümi — howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi boýunça başlangyçlary ylmy esaslandyrmalar arkaly beýan etdi.

Syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesi halkara derejede bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýägaraýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Bu babatda ýurdumyzda birnäçe kanunçylyk namalary hereket edýär. Olaryň hatarynda, 2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Suw Kodeksini görkezmek bolar. Bu Kodeks suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwdan rejeli peýdalanmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillerden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Suw Kodeksi ýerüsti we ýerasty suwlary hasaba almakda, Türkmenistanyň Döwlet suw kadastryny ýöretmekde, suw obýektleriniň döwlet monitoringini alyp barmakda, suwdan peýdalanmakda, suwdan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny, suwdan peýdalanmak hukugynyň bes edilmeginiň esaslaryny, suw obýektlerini ilatyň agyz suwy we hojalyk-durmuş suw üpjünçiligi üçin peýdalanmagyny hem-de beýleki zerur kadalary düzgünleşdirmekde esasy hukuk binýady bolup çykyş edýär.

2010-njy ýylda «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Türkmenistan döwletimizde suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde, suw serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmekde, ilatymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmekde, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan senagat maksatlaryny we önümçilik hajatlaryny, suwaryş we beýleki maksatlaryny üpjün etmek üçin agyz suwuny harçlamagyň bellenilen kadalarynyň talaplaryny berjaý etmekde hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri boldy.

Kanunyň 25-nji maddasynda ilat üçin agyz suwunyň we merkezleşdirilen lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň, şeýle hem ilat üçin agyz suwunyň möçberleriniň we ony ulanmagyň tertibiniň bardygy beýan edilýär. Şuňa laýyklykda, 2018-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary esasynda Türkmenistanyň raýatlary üçin telekeçilik işi bilen bagly bolmazdan, agyz suwunyň 1 kub metri üçin 50 teňňe nyrh bellenilendir.

Kanunyň 14-nji maddasynda raýatlaryň aýratyn toparlaryna we olaryň maşgala agzalaryna agyz suwundan ýeňillikli ýa-da mugt peýdalanmaga bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde berilýändigi bellenilýär. Mysal hökmünde, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere suwdan mugt peýdalanmaga hukuk berilýändigini aýtmak bolar.

2018-nji ýylda «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýer serişdelerini rejeli we durnukly peýdalanmak maksady bilen, ýerleriň oňaýsyz tebigy (gidrologik, toprak, agroklimatik) şertlerini düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen agrotehniki, gidrotehniki, tokaý-tehniki, medeni-tehniki, himiki we beýleki melioratiw çäreleriň toplumyny öz içine alýar. Şunda Kanunda beýan edilişi ýaly, ýerleriň tehniki taýdan meliorasiýa işleriniň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegi, ilkinji nobatda, suw serişdeleriniň tygşytlanylmagynda, ýerleriň şorlaşmagynyň we zaýalanmagynyň öňüniň alynmagynda zerur işler bolup durýar.

Türkmenistanyň kanunlaryndan başga-da, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmazlygy, bisarpa suw akdyrmagy, gidrotehniki desgalardan rugsatsyz peýdalanmagy, olara zyýan ýetirmegi, içerki suw akabalaryny ýaramaz ýagdaýlarda saklamagy, ýaplaryň, zeýkeş ulgamlarynyň we beýleki suwlaryň galyndylar bilen hapalanmagy hem-de beýleki birnäçe kanun bozulmalar bilen bagly görülýän çäreler hakynda anyk kadalar beýan edilýär.

Ýurdumyzda tebigy baýlygymyz bolan suwdan rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirmek suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan we egsilmekden goramagy üpjün etmäge gönükdirilendir. Şol tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Gurbangeldi AŞYROW, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiň agzasy.

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.