2021-09-29
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.
Halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr.
Milli Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden, ikinji müňýyllygyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtaýar.
Şunda milli Liderimiz: “Bagtymyzy gazanmak, berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we amala aşyrylýan işler il-halkymyzyň egsilmez gaýratynyň, joşgunly zähmetiniň netijesidir” diýip belleýär.
“Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi” diýen bölümde hut milli özboluşlylygyň hem-de türkmenlere mahsus bolan sabyr-kanagatlylygyň netijesinde, ýaş, özbaşdak döwletiň kemala gelýän döwründe hökman we esasly çözülmegini talap edýän ençeme çylşyrymly meseleleri ýeňip geçmegiň başardandygy tötänden nygtalmaýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet gurluşy hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýan durmuş ýörelgeleri halkyň arzuw-islegini we pikirlerini hemişe nazarda tutan parasatly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesine daýanýar.
Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar döwletiň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen yhlasly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu bolsa häzirki we geljekki nesiller üçin päk niýetliligiň şamçyragy bolan gadymy milli däplerimiziň dowamat-dowamdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliligi berkarar etmek boýunça alnyp barylýan işlerde iki palataly parlamentiň we köppartiýaly ulgamyň döredilmeginiň möhüm ädim bolandygy nygtaldy.
Bu gün Türkmenistan özbaşdak içeri we daşary syýasatyny amala aşyrýan hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitabynda ata-babalarymyzyň ýene-de bir beýik arzuwyna — parahatçylykda ýaşamak arzuwyna laýyk gelýän kuwwatly döwletiň gurlandygyny buýsanç bilen belledi.
Geçilen ýolda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolunmagy möhüm waka öwrüldi. Geçen ýylyň dekabrynda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde halkara bileleşigine agza döwletleriň ählisiniň — 193 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda ikinji gezek ýörite Kararnama kabul edildi.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň topary döredildi. Häzir oňa dünýäniň 19 döwleti girýär.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we guramalar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler.
Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän belent ynam we hormat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny üpjün etdi. Şol başlangyçlar döwrüň wajyp meselelerini çözmäge — parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmäge, ulag ulgamynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy Gün tertibini işläp düzmäge işjeň gatnaşdy we Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüş taslamalaryna girizmäge ilkinjileriň hatarynda girişdi.
Garaşsyz Türkmenistanyň kemala gelşiniň möhüm tapgyrlaryny beýan edýän kitapda bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwre garamazdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hemme çäreler görülýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ugurly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, Türkmenistany ýokary derejeli senagat döwletine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda ähli ugurlary gurşap alýan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz uly ösüş gazandy. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň iri möçberli strategiýasy gönüden-göni ýardam etdi. Şol strategiýa, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de ony sanly ulgama geçirmegi, täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyny, häzirki zaman önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Strategik ulgamlaryň — ýangyç-energetika hem-de obasenagat toplumlarynyň, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen bir hatarda, “intellektual ulgama” — ählumumy ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde mynasyp ykrar edilen bilime hem-de ylma uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Halkymyzyň ruhy hem-de beden taýdan yzygiderli kämilleşmegine hyzmat edýän ähli zatlar — saglygy goraýyş, medeniýet we sport hem anyk beýanyny tapan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň örän möhüm ugrudyr.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdan-da, gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimiziň ata Watanymyza hem-de mähriban halkymyza bolan egsilmez söýgüsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmek täze taryhy eýýamda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Şu gün döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem geçirildi.
Şu çärelere gatnaşyjylar Ýüzlenme kabul edip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çeşme: https://tdh.gov.tm
Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm
Ähli hukuklar goralan.