TÄZELIKLER

2025-02-24


Syýasat

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy

şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadag görkezilýän şekil taslamalaryny, aýratyn-da, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň daşky germewinde oturdylmagy meýilleşdirilýän mermerleriň görnüşlerini synlady hem-de olaryň bezeg babatda bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde «Akhan» şaýolundan «Taýçanak» aýlawly çatrygyna çenli aralykda ýol ýakalaryna ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjekde ekiljek baglaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň, ýol ugrunda ýerleşdiriljek duralgalaryň täze tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi.

Bu işlerde häzirki zamanyň ösen tejribesini ulanmagyň, ylmyň gazananlaryna esaslanmagyň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadag degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle-de täze şäherde dörediljek medeni-dynç alyş merkeziniň ähli çäklerinde desgalaryň bina edilmegine milli ýörelgelere laýyklykda çemeleşilmelidigi aýdyldy. Merkeziň çäginde türkmen milli oýunlaryny guramak üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmeginiň zerurdygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy ol ýerlerde aşyk, çilik, düzzüm, Aýterek-Günterek ýaly milli oýunlary guramak üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

turkmenportal.com

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.