TÄZELIKLER

2025-02-14


Jemgyýet

Talyplar Arkadag şäheriniň lagym suwuny gaýtadan işleýän desgada göçme okuw-önümçilik tejribeliginde boldular

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy hünäriniň 3-nji ýyl talyplary hem-de inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymlary Arkadag şäheriniň lagym suwuny gaýtadan işleýän desgada göçme okuw-önümçilik tejribeliginde boldular. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, talyplar Gökdepe etrabynyň çäginde, Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda ýerleşýän lagym arassalaýjy desganyň gum, ýag tutujy binasynda bolup, onuň lagym suwy saklanylýan howdanynda, kompressor bekedinde, suwuň hlor bilen arassalanýan we beýleki bölümlerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Desgada zähmet çekýän hünärmenler toplumda ornaşdyrylan lagym suwuny arassalaýjy enjamlaryň görnüşleri, desgadaky suw üpjünçilik we hapalanan suwy akdyryş hem-de hlor bilen arassalaýyş ulgamlarynyň işleýiş aýratynlyklary barada talyplara giňişleýin gürrüň berdiler.

Geljekki hünärmenler ýokary kuwwatlylyga eýe bolan kompressorlar we suw sorujylar barada zerur bolan maglumatlary aldylar. Şeýle hem olar desganyň barlaghanasynda ýerleşdirilen döwrebap enjamlar arkaly arassalanan suwuň düzüminiň barlanylyşynyň usullary bilen tanyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.