TÄZELIKLER

2024-10-16


Jemgyýet

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy özbek dilinde neşir edildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ylymlar akademiýalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Institutyň eýwanynda guralan sergide Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň we medeni mirasynyň nusgalary ýerleşdirilen diwarlyklar görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynyň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany Milli Liderimize akyldar şahyryň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat berdi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gündogaryň beýik söz ussadynyň edebi mirasy dünýä alymlary tarapyndan uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Onuň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Özbegistanda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi hem-de türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi hem nygtalmaga mynasypdyr. Şunuň bilen bir hatarda, çykyşlarda beýik türkmen şahyrynyň Hywanyň Şirgazy medresesinde bilim alandygy, häzirki wagtda bolsa onuň adynyň dostlukly ýurduň paýtagtynyň we welaýatlarynyň köçelerine, seýilgählerine dakylandygy, Daşkentde, Hywada ýadygärlikleriniň oturdylandygy aýdyldy.

Magtymgulynyň eserlerinde beýan edilýän ynsanperwer ýörelgeler ýurtlaryň hem-de halklaryň ýakynlaşmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň ady diňe bir türkmen edebiýatynda däl, dünýä edebiýatynda hem uly orun aldy. Onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Beýik söz ussadynyň ýubileýi mynasybetli halkara forumdaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitländigini aýdyp, onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklardaky möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýaly ynsanperwer ýörelgelerden ugur alýandygy, bu ýörelgeleriň akyldar şahyryň döredijiliginden hem eriş-argaç bolup geçýändigi aýdyldy. Halklary dost-doganlyga çagyran şahyryň edebi mirasy häzirki döwürde hem özara medeni alyşmalara ýardam berýär.

Şeýlelikde, şu günki tanyşdyrylyş dabarasy asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglanyşan doganlyk halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň mysaly boldy.

tdh.gov.tm

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.