TÄZELIKLER

2021-08-11


Komitet barada

Balkan welaýatynda göwrümi 18 million kub metr bolan täze suw howdany açyldy

Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrinde gurlan suw howdanynyň göwrümi 18 million kub metr bolup, ol ýerde sekuntda 30 kub metr suw geçirmäge ukyply suw ýygnaýjy desga ýerleşýär. Bu desga güýz-gyş aýlarynda derýanyň aşaky akymynda suwy ýygnamak, ekerançylyk ýerleriniň suwarylýan wagtynda suwuň paýlanyşyny sazlamak üçin niýetlenendir. Bu gidrotehniki toplumyň taslamasy “Türkmensuwylymtaslama” institutynda taýýarlanyldy, gurluşyk işlerini bolsa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Desganyň gurluşygynda dünýäniň iri kompaniýalaryndan yzygiderli satyn alnan kuwwatly ekskawatorlaryň, buldozerleriň we beýleki ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň 180-den gowragy gije-gündiz işledildi. Howdanyň we bendiň gurluşygynda ýerli känlerden alnan gurluşyk materiallary ulanyldy, hususan-da, olaryň berkidilmegi üçin 167,5 müň kub metr çagyl gerek boldy. Bendiň umumy uzynlygy 7,8 kilometrden gowrakdyr. Esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, ýol we energetika düzümleriniň desgalary guruldy. Suw geçirijilik ukyby sekuntda 10 kub metre barabar bolan täze suw hojalyk toplumynyň işe girizilmegi Bereket etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.