TÄZELIKLER

2024-08-12


Jemgyýet

Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, Hazaryň deňiz gurşawynyň goralmagyna gönükdirilen oňyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.

Hazar deňzi umman gelip çykyşly dünýädäki iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik, haýwanat dünýäsini saklap galypdyr. Hazar deňziniň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, şol sanda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we diňe şu ýere mahsus bolan köp sanly görnüşleriň ösýän, ýaşaýan künjegidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň binýadynda Hazarýaka sebitde ýaşaýan halklaryň, şol sanda dünýädäki ähli halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen, has takygy, täsin suw giňişliginiň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, daşky gurşawyň abadançylygyna aýawly çemeleşmek maksatlary durýar. Şu gezekki dabaralar hem ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Baýramçylygyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda guraldy.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Türkiýäniň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Täjigistanyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň, şol sanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýada we Kawkazda balykçylyk we akulakultura boýunça komissiýasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara deňiz hukugy boýunça institutynyň, Halkara ummanlar institutynyň we beýlekileriň wekilleri bar.

Myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirýändigi bellenilýär. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyr. Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Hazar deňzi we onuň daşky gurşawy ýüze çykýan dürli wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara duýgur özboluşly tebigy toplumdyr diýlip, Gutlagda nygtalýar. Häzirki we geljek nesilleriň bähbidine ählumumy ekologik, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek başlangyçlary bilen çykyş edýän Türkmenistan bu ugurda milli we umumy bähbitleri nazara alyp, sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty amala aşyrýar.

Maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi. Çykyşlarda degişli ulgamda sebit döwletlerinde, “Hazar ekologiýa maksatnamasy” atly sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işler giňişleýin beýan edildi. Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Hökümetleri tarapyndan tassyklanan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) Hazar ekologiýa maksatnamasynyň möhüm üstünligi boldy. Häzirki wagtda bu resminamada kesgitlenen halkara hukuk esaslary Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde öz beýanyny tapýar.

Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän başga-da birnäçe resminamalaryň, şol sanda Eýranyň Ramsar şäherinde BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýetli Suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasynyň (Ramsar Konwensiýasy) kabul edilendigi nygtaldy. Ol tutuşlygyna ekoulgamlaryň bir görnüşine ýa-da habitatlaryň bir görnüşine — haýsydyr bir anyk biologik görnüşiň ýa-da görnüşleriň ýaşaýan tebigy gurşawyna (tokaýlar, ýerasty gowaklar, köller, derýalar we beýlekiler) bagyşlanan ilkinji ählumumy halkara ylalaşyk bolup durýar.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şeýle-de 2023-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe süren garaýyşlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da, Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, ekologik meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara meýdança hökmünde «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibe üns çekildi.

Hazarýaka döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki günde sebitde howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa we tebigy serişdelerden peýdalanmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýan şertnama-hukuk binýadynyň kemala gelendigi nygtaldy. Deňizde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerine degişli bäştaraplaýyn pudaklaýyn resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Hazar deňzi kenarýaka ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar Hazar deňziniň durnukly ösüşiniň, tebigy ekoulgamy daşky gurşawyň durnuklylygyny kepillendirýän derejesine çenli yzygiderli dikeltmegiň kenarýaka döwletleriň ählisiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde mümkin boljakdygyny bellediler. Bu ugurda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, BMG Türkmenistanyň Hazar deňziniň suw gurşawynyň ekologik taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek, onuň bioserişdelerini hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak baradaky garaýyşlaryny, türkmen tarapynyň Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakynda Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjyny goldaýar diýip, maslahata gatnaşyjylar nygtadylar.

Hazary parahatçylygyň we ylalaşygyň mekanyna, ähli meseleleri diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, döwletleriň özygtyýarlylygyna hem-de çäk bitewüligine hormat goýmak esasynda çözmegiň nusgasyna öwürmek ugrundaky umumy maksatlardyr tagallalar özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar. Hazaryň biologik serişdeleriniň, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, bu ugurda ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek hem möhüm wezipeleriň hataryndadyr.

Çykyşlarda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen gatnaşyklaryň ugurlary giňişleýin beýan edildi. Merkez Türkmenistanyň ekologiýa we ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar. ÝHHG tarapyndan sebit derejesinde durmuşa geçirilýän iri başlangyçlaryň we taslamalaryň hatarynda ekologik taýdan arassa, «ýaşyl» energiýany ilerletmek bilen birlikde, birnäçe köpugurly wezipeleri çözmäge gönükdirilen «Hazar deňzi sebitinde «ýaşyl» portlara we özara baglanyşyga ýardam bermek» taslamasyna aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler Hazar deňziniň sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köp sanly halkara taslamalaryň wajyp bölegidigini nygtadylar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly we howpsuz aragatnaşygy üpjün etmek, ýokary girdejili, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary çekmek üçin amatly şertleri döretmek kenarýaka döwletleriň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Maslahata gatnaşyjylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýokary baha berdiler. Bu dynç alyş zolagy sebitiň mineral-çig mal, biologik, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçiliklerini peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Hazaryň kenarýakasynda gurulýan şypahanalaryň, myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň esasy alamatlarynyň biri olaryň ekologik howpsuzlygyň halkara ölçeglerine laýyk gelýänligidir. Kenarýakada bagy-bossanlygy döretmek ugrundaky alnyp barylýan giň gerimli işler hem ekologiýa ugurly çäreleri ilerletmäge goşant goşýar. Bu ýerde adam zähmeti netijesinde ýaşyl tokaýlar döredilýär, täze seýilgäh zolaklary, dynç alýanlaryň saglygyna oňyn täsir edýän has amatly howa gurşawy emele gelýär.

Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär etmek üçin mümkinçilikdigini bellediler hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik we şu gezekki çäräniň guramaçylygynyň ýokary derejesi, forumy geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler, tebigaty goramak çärelerine berilýän üns, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny, Hazaryň daşky gurşawynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek ugrunda ekologik maksatly wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi üçin hoşallyk beýan edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan çäre oňa gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy “merjenini” gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.

Myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gezelençleri göz öňünde tutýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

tdh.gov.tm

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.