TÄZELIKLER

2024-05-02


Komitet barada

Garagum derýasynyň 850-nji kilometrinde suwuň sarp edilişini hasaba almak boýunça täze ulgamy oturdylmagyň resmi açylyş dabarasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda sanly tehnologiyalary ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek işleri amala aşyrylýar.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Merkezi Aziýanyň Sebit ekologik merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde Garagum derýasynda suwuň sarp edilişini hasaba almak boýunça täze ulgamy oturdylmagynyň açylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 2-nji maýynda bu derýanyň 850-nji kilometrinde, ýagny Köpetdag suw howdanynda geçirildi.

Bu dabara, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi, Amerikanyň Halkara Ösüş baradaky USAID agentliginiň Merkezi Aziýadaky wekilleriniň, şeýle-de Taslamanyň sebitleýin utgaşdyryjy toparynyň agzalarynyň, ýurdumyzyň degişli ministlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri we hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdy.

Bu awtomatlaşdyrylan suw ölçeýji enjamyň ornaşdyrylmagy Garagum derýasynda suw akymynyň hereketini gözegçilikde saklamak we sazlamak, geçýän suwuň möçberini sanly ulgam arkaly dolandyrmak we suwuň hasabatyny talabalaýyk ýöretmekden ybaratdyr.

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.