TÄZELIKLER

2024-04-30


Komitet barada

Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy

Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda, suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler girizildi.

Häzirki wagtda dünýäniň köp döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik usuly hökmünde garalýan suw diplomatiýasynyň suw serişdeleriniň çeşmelerini döretmek we dikeltmek, olary rejeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça yzygiderli dialog üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary munuň aýdyň güwäsidir. Şol saparyň dowamynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de 19 ýurduň awtordaşlyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň Merkezi Aziýa üçin suw hojalygy pudagynda halkara meýilnamalary durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Türkmenistan tarapyndan iri forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Hazarýaka döwletleriň we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerinde birnäçe başlangyçlar öňe sürüldi. Şol başlangyçlar Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň tekliplerinde Merkezi Aziýada serhetýaka suw serişdelerinden peýdalanmagyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary, özara hormat goýmak hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak esasynda amala aşyrylmalydygyna üns çekilýär.

Bellenilişi ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin möhüm orun eýeleýär. Serhetýaka suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine uly ähmiýet bermäge, bu ugurda köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmeleriň taýýardygy beýan edildi.

Günüň ikinji ýarymynda utgaşykly görnüşde Amyderýa sebitinde çözgütleriň kabul edilmegini goldamak boýunça 3-nji sebit duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar bilelikdäki çemeleşmeleri ulanmagyň netijelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäräniň çäklerinde sebit utgaşdyryjy komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler.

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.