TÄZELIKLER

2024-04-16


Ykdysadyýet

Ähmiýetli forumyň ikinji güni: DÝHG agza döwletler Aşgabatda geljegiň möhüm ugurlaryny maslahatlaşýar

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji iş güni öz işini dowam etdirýär. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG agza döwletleriň 20-den gowragynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr.

Bu ýerde edilen çykyşlarda forumyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna esasy agza döwletleriň biri hem-de Ýewropadan Aziýa ýük daşamakda möhüm strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga hem-de ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Foruma gatnaşyjylar demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde yzygiderli iş alyp barmaga hem-de DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak arkaly ynanyşmagy pugtalandyrmaga meýillidiklerini bellediler.

Bu ýerde ýurdumyzyň we DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara hem-de taraplaryň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýän Teswirnama gol çekilmegine garaşylýar.

DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.

salamnews.tm

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.