TÄZELIKLER

2024-04-01


Sanly ulgam

Hytaýda 5.5G aragatnaşyk ulgamy ýola goýuldy

Hytaýyň China Mobile ykjam aragatnaşyk operatory täze 5G-Advanced (5GA ýa-da 5.5G) ulgamyny işe girizendigini habar berdi.

Oppo Find X7 smartfonlary täze standarty goldaýan ilkinji enjamlar bolar.

Oppo kompaniýasynyň baş direktory Pit Lau Weibo sosial ulgamyndaky öz sahypasynda Oppo Find X7 Ultra smartfonunyň fotosyny ýerleşdirdi. Mundan başga-da, Weibo-da Oppo Find X7-niň 5.5G goldawyny aljakdygy barada habar ýerleşdirilipdir.

5G-Advanced bu 3GPP Release 18 standartynyň täjirçilik ady bolup, ol “asman torlarynyň” ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Ýagny, ýerüsti stansiýalaryň deregine emeli hemralar ulanylar. 5G-Advanced ulgamy birikmek tizligini üç esse artdyrar: ýüklemegi 10 Gbit/s we ibermegi 1 Gbit/s çenli ýetirer. China Mobile aragatnaşyk operatory Find X7 ulanyjylaryna täze standarty barlap görmekleri üçin ýurduň dürli künjeklerinde synag meýdançlaryny gurady.

Şu ýyl bazarda täze aragatnaşyk standartynda işlejek 20-den gowrak enjam peýda bolar. Şu ýylyň ahyryna çenli China Mobile täze tor bilen ýurduň 300-den gowrak şäherini, şol sanda Pekini, Şanhaýy, Guançžouny gurşap almagy meýilleşdirýär.

Täzelikleriň Kategoriýasy

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm

Ähli hukuklar goralan.