2024-03-24
Şanhaýda sürüjisiz awtoulaglar üçin dünýäde ilkinji 5G-A IOV aragatnaşyk ulgamly synag meýdançasy açyldy (5G-Advanced Internet of Vehicles).
Onuň uzynlygy 205 km deň.
Maglumatlary ibermek wagtynyň 50-den 20 ms çenli peseldilmegi 5G-A IOV-yň esasy aýrtynlygydyr. Bu ulgamy Hytaýyň China Mobile, Huawei Technologies kompaniýalary, sürüjisiz ulag serişdelerini işläp taýýarlaýan Neolix Huitong Technology, sanly çözgütleri işläp taýýarlaýan Banma Network Technology, şeýle hem intellektual nawigasiýa kartalaryny döretmekde ýörüteleşen Navinfo kompaniýalary işläp taýýarladylar.
Häzirki wagtda Şanhaýda sürüjisiz ulag serişdelerini synag etmek üçin umumy uzynlygy 2 müň km-den gowrak bolan 1003 sany awtomobil ýoly bar.
Awtoulaglary sürüjisiz ulanmak ulgamlaryny işläp taýýarlaýan kompaniýalar öz awtoulaglaryny ulanyşa girizmezden ozal ýol synaglaryndan geçmeli.
Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: fcd_water@sanly.tm, hemra@sanly.tm
Ähli hukuklar goralan.