TÄZELIKLER

2021-03-09

Türkmenistan bilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk merkeziniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geçen maslahata Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdy

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistan bilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk merkeziniň (CAREC) arasynda “Suw we azyk howpsuzlygy: çemeleşmeler we öňdebaryjy tejribeler” atly wideo aragatnaşyk arkaly maslahaty geçdi. Duşuşykda Aziýanyň Ösüş bankynyň, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk merkeziniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri duşuşygyň maksady barada aýdyp geçdiler. Aziýanyň ösüş bankynyň wekili CAREC taslamanyň gerimini giňeltmek maksady bilen Suw hojalyk komponentini taslama goşmak meýilleşdirilendigi hem-de bu taslama 5 sany döwletleriň gatnaşmagyny göz öňünde tutulýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri suw meseleleri boýunça maslahatlaşdylar.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.