TÄZELIKLER

2021-02-26

Murgap derýasynyň suwunyň derejesini we akymyny hem-de onuň sarp edilişini sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek üçin suw ölçeýji enjamlar ornaşdyryldy

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagyň öňüni almak we ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bien degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin oba hojalyk önümçiligine täzeçil usullaryň, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň, iň oňat dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmalydygyny, obasenagat toplumyny ösüşiň innowasion ýoluna – sanly ulgama yzygiderli geçirmegiň üpjün edilmegini aýratyn nygtaýar. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça geçirilýän giň möçberli işleriň hatarynda, Mary welaýatynda Murgap derýasynyň suwunyň derejesini we akymyny hem-de onuň sarp edilişini sanly ulgam arkaly gözegçilik etmegi üçin ornaşdyrylan häzirki zaman suw öljeýji enjamlary bellemek bolar. Bu sanly ulgam, Murgap derýasynyň boýundaky dürli nokatlardaky suw derejesine we suwaryş akymyna hakyky wagtda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa suwuň derejesini çaklamaga we şoňa laýyklykda suw baýlyklaryny dolandyrmagy meýilleşdirmäge kömek eder. Bu enjamlar derýanyň boýundaky 13 nokatda ýerleşdirildi. Onuň kömegi bilen “Marysuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri suwuň akymyna hakyky wagtda gözegçilik edýarler. Şunuň bilen bu ulgam arkaly geljekde suw joşmalaryny öňünden çaklamaga, şeýle hem suw çeşmeleriniň paýlanyşyny dogry meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.