TÄZELIKLER

2021-02-22

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkezi bilen geçirilen wideo arkaly Iş duşuşyga gatnaşdylar

2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkezi tarapyndan geçirilen “Düýeboýun suw desgasy” atly taslamanyň Iş toparynyň birinji duşuşygy geçirildi. Onlaýn geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinden, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden, Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalyk ministrliginden, Düýeboýun suw howdanynda we halkara guramalaryndan wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda “Düýeboýun suw desgasy” atly taslamanyň Iş toparynyň birinji duşuşygyň çäklerinde agzalan taslama barada tanyşdyryş çykyşlar diňlenildi we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkezi tarapyndan taýýarlanan soraglary ara alyp maslahatlaşyldy.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.