TÄZELIKLER

2021-02-17

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri “ACCIONA” ispan kompaniýasy bilen geçirilen wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşyga gatnaşdylar

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne Türkmenistan bilen Ispaniýa Patyşalygynyň Andalusiýanyň söwdasyny höweslendirmek boýunça agentliginiň agzasy bolan “ACCIONA” ispan kompaniýasynyň arasynda sergi işi boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Gurluşyk we binagärlik, Energetika ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda “ACCIONA” kompaniýasy gysgaça öz edýän işleri barada maglumatlary berdiler hem-de türkmen tarapy bilen işleşmäne höwes bildirýändiklerini belläp geçdiler. Kompaniýa esasan gurluşyk we energetika pudaklary bilen gyzyklanma bildirip, ýol gurluşyklar, energiýa öndürmek we dürli medeni pudaklarda gurluşyk edýändiklerini, şeýle-hem suw hojalyk pudagynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny belläp geçdiler. Türkmen tarapyndan gatnaşan degişli edaralaryň wekilleri hem çykyş edip, edaralaryň edýän işleri bilen tanyşdyrdylar we ispan tarapyndan degişlilikde teklip bolan ýagdaýynda işleşmäne taýýardygyny bellediler. Şonuň bilen baglylykda, türkmen tarapy şular ýaly wideo duşuşygy her edara bilen aýratynlykda geçirip, has giňişleýin pikir alyşmagy teklip etdi.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.