TÄZELIKLER

2021-05-24

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren konferensiýasyna gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren «Merkezi Aziýada sebitleýin suw hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek» atly konferensiýasyna gatnaşdylar. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, BMG-niň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň, Araly Halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHEHG) wekilleri gatnaşdylar. Maksady - suw-ekologiýa pudagynda dialoglary güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem AHEHG-yň çäginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada pikir alyşmak. Şeýle hem, AHEHG-nyň işiniň ýagdaýy we geljegi barada, sebitleýin suw hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýurtlaryň çemeleşigi ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.