Täzelikler

26.06.2021

Türkmenistanda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlandy

“Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşigi Lebap welaýatynda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlady. Gurulýan emeli deňziň taslama sygymy 4 milliard kub metre barabar bolar. Ol, esasan, Amyderýada suw joşguny wagtynda doldurylar.


ORIENT-iň habar bermegine görä, geljekki emeli deňze ugrukdyryjy kanalyň gurluşygyna başlandy. Ol Zeýid suw howdanyndan (häzir – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy suw howdany) birnäçe kilometr günorta-günbatara ýaýrar.
Kanal Amyderýadan başlap, günbatara tarap 14 km uzalar. Oňa derýadan suwuň ýygnalmagy öz akymyna bolar. Kanalyň gurluşygy ýurduň oba hojalygynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ägirt uly meýilnamanyň başlangyjy bolar.
Kanalyň ýoly Amyderýada ýyllyk akym düzgünini göz öňünde tutmak bilen gurlar. Indi derýada suw az bolsa-da, suw ýurtda iň ulusy bolmaly howdandaky suw goýberiji desga çenli ýoluň ähli bölegini päsgelçiliksiz geçer.
Täze suw howdany diňe ätiýaç wezipesini däl, eýsem derýa suwuny durlaýjy howuz wezipesini hem ýerine ýetirip biler. Derýa suwunyň bir kub metrinde käwagt üç kilograma çenli gyrmançanyň bolýandygyny belläp geçmek gerek.

GARAMAGYNDAKY EDARALAR

“Ahalsuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Balkansuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşigi production association “Daşoguzsuwhojalyk”
“Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Marysuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi
“Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşigi
“Türkmensuwylymtaslama” Türkmen Döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama instituty
“Suwdesgatoplaýyş” önümçilik birleşigi
Suwgözegçilik gullugy
“Altyn-damja” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi

HABARLAŞMAK ÜÇIN

744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Tel.:(99312) 44-83-73
Faks.:(99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE
YNANYŞMAGYŇ WATANY

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy

Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73

Fax belgimiz: (99312) 44-83-88

E-mail: scwm@online.tm

Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň "Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy" bölümi tarapyndan döredildi.

Ähli hukuklar goralan.