Täzelikler

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda sebitde suwdan netijeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 3-nji fewraly, şu gün Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda suw hojalyk meselesine bagyşlanan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi. Oňa Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.


Iş duşuşygyň barşynda taraplar sebitde suwuň sarp edilişiniň, şeýle hem 2021-nji ýyl üçin kesgitlenen suw gorlaryna geçirilen seljermeleriň netijelerine garadylar we esasy derýalarynyň suw akabalarynyň iş tertibine çaklama berdiler.


Şu nukdaý nazardan ugur alyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň hünärmenleri bu geçirilen iş maslahatda sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşi hem-de durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegi suw serişdelerine ählumumy elýeterlilik hem-de onuň oba hojalyk zerurlyklary üçin netijeli peýdalanylmagyna bagly bolup durýandygyny belläp geçdiler, şeýle hem Aral ýakasynda durmuş -ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de bu babatda netijeli işleri dowam etdirjekdiklerini bellediler.

GARAMAGYNDAKY EDARALAR

“Ahalsuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Balkansuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşigi production association “Daşoguzsuwhojalyk”
“Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Marysuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi
“Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşigi
“Türkmensuwylymtaslama” Türkmen Döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama instituty
“Suwdesgatoplaýyş” önümçilik birleşigi
Suwgözegçilik gullugy
“Altyn-damja” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi

HABARLAŞMAK ÜÇIN

744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Tel.:(99312) 44-83-73
Faks.:(99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE
YNANYŞMAGYŇ WATANY

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy

Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73

Fax belgimiz: (99312) 44-83-88

E-mail: scwm@online.tm

Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň "Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy" bölümi tarapyndan döredildi.

Ähli hukuklar goralan.