Täzelikler

30.06.2021

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň 29-nji iýunynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň gurnamagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow hem-de Suw ulanyş bölüminiň başlygy Ý.Paşşyýew gatnaşdylar.

Bu mejlise Täjigistan, Gazagystan we Özbegistan Respublikalaryndan Gaznanyň Müdiriýetiniň agzalary bolan degişli Wise-premýerler, bu döwletleriň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Gaznanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Gaznany esaslandyryjy döwletler tarapyndan bellenen wekiller gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Täjigistanyň başlyklyk edýän döwründe Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHEHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasy, “Aral deňzi sebitindäki döwletlere kömek bermek baradaky hereketleriň maksatnamalary”, AHEHG-nyň düzüm gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny g kämilleşdirmek babatynda amala aşyrylýan işler, 9-njy Bütindünýä suw forumyna taýýarlyk hem-de AHEHG-nyň Müdiriýetiniň indiki mejlisiniň gün tertibi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we şonuň bilen bagly resminamalara gol çekişildi.

GARAMAGYNDAKY EDARALAR

“Ahalsuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Balkansuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşigi production association “Daşoguzsuwhojalyk”
“Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Marysuwhojalyk” önümçilik birleşigi
“Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi
“Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşigi
“Türkmensuwylymtaslama” Türkmen Döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama instituty
“Suwdesgatoplaýyş” önümçilik birleşigi
Suwgözegçilik gullugy
“Altyn-damja” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi

HABARLAŞMAK ÜÇIN

744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Tel.:(99312) 44-83-73
Faks.:(99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE
YNANYŞMAGYŇ WATANY

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy

Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73

Fax belgimiz: (99312) 44-83-88

E-mail: scwm@online.tm

Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň "Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy" bölümi tarapyndan döredildi.

Ähli hukuklar goralan.