Komitet barada

TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGY BARADAKY DÖWLET KOMITETI HAKYNDA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakyndaky PP-475 belgili Permany esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň meseleleri hakyndaky 1075 belgili Karary esasynda, komitetiň gurluşy, işgär sany hem-de merkezi edarasyny saklamak bilen bagly çykdajylaryň maliýeleşdiriş çeşmesi kesgitlendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralyndaky 1147 belgili karary esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamasy tassyklandy. Düzgünnamanyň 1-nji bendinde: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Türkmenistanda suw hojalygyny ösdürmek, suw obýektlerini pedalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de suw obýektlerini peýdalanmak we goramak babatda döwlet gözegçiligini üpjün edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edara bolup durýar – diýilýär.

GIŇIŞLEÝIN

TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE
YNANYŞMAGYŇ WATANY

HABARLAŞMAK ÜÇIN

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy

Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73

Fax belgimiz: (99312) 44-83-88

E-mail: scwm@online.tm

Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň "Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy" bölümi tarapyndan döredildi.

Ähli hukuklar goralan