Täzelikler

- 15.07.2021

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça «WAVE» taslamasynyň milli duşuşygyna göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.


2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiki merkeziniň bilelikde gurnamagynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça «WAVE» taslamasynyň milli duşuşygy göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi.

- 30.06.2021

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdylar.


2021-nji ýylyň 29-nji iýunynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň gurnamagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow hem-de Suw ulanyş bölüminiň başlygy Ý.Paşşyýew gatnaşdylar.

- 26.06.2021

Türkmenistanda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlandy


“Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşigi Lebap welaýatynda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlady. Gurulýan emeli deňziň taslama sygymy 4 milliard kub metre barabar bolar. Ol, esasan, Amyderýada suw joşguny wagtynda doldurylar.
ORIENT-iň habar bermegine görä, geljekki emeli deňze ugrukdyryjy kanalyň gurluşygyna başlandy. Ol Zeýid suw howdanyndan (häzir – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy suw howdany) birnäçe kilometr günorta-günbatara ýaýrar.

- 21.06.2021

Türkmenistanyň täze gözleg motory “Gözle”


ŞGözleg motory şu ýylyň ýanwar aýynda işlenip düzüldi, ýöne 1-nji iýunda yglan edildi. Gözleg motory her bir ulanyjy üçin amatly we minimalistik dizaýna eýe.
Gözlеde 4 bölüm bar:
– Gözleg
-Fotosuratlar
-Täzelikler
– Internet
-Wikipediýa

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiki merkeziniň bilelikde gurnamagynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça «WAVE» taslamasynyň milli duşuşygy göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi.GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň 29-nji iýunynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň gurnamagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow hem-de Suw ulanyş bölüminiň başlygy Ý.Paşşyýew gatnaşdylar.GIŇIŞLEÝIN

“Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşigi Lebap welaýatynda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlady. Gurulýan emeli deňziň taslama sygymy 4 milliard kub metre barabar bolar. Ol, esasan, Amyderýada suw joşguny wagtynda doldurylar.GIŇIŞLEÝIN

Gözleg motory şu ýylyň ýanwar aýynda işlenip düzüldi, ýöne 1-nji iýunda yglan edildi. Gözleg motory her bir ulanyjy üçin amatly we minimalistik dizaýna eýe.GIŇIŞLEÝIN

Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren «Merkezi Aziýada sebitleýin suw hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek» atly konferensiýasyna gatnaşdylar.GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistan bilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk merkeziniň (CAREC) arasynda “Suw we azyk howpsuzlygy: çemeleşmeler we öňdebaryjy tejribeler” atly wideo aragatnaşyk arkaly maslahaty geçdi. GIŇIŞLEÝIN

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagyň öňüni almak we ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bien degişli işler alnyp barylýar. GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkezi tarapyndan geçirilen “Düýeboýun suw desgasy” atly taslamanyň Iş toparynyň birinji duşuşygy geçirildi. GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne Türkmenistan bilen Ispaniýa Patyşalygynyň Andalusiýanyň söwdasyny höweslendirmek boýunça agentliginiň agzasy bolan “ACCIONA” ispan kompaniýasynyň arasynda sergi işi boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 16-na Durnukly Ösüş Maksatlaryny amala aşyrmak üçin maýa goýum serişdelerini çekmek meseleleri boýunça “Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin meýdança” taslamanyň çäklerinde wideo arkaly iş duşuşygy geçirildi. GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 12-ne Hindistanyň EXIM banky bilen Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň hem-de banklarynyň arasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady taslamalar üçin ýeňillikli karz serişdelerini çekmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo arkaly iş duşuşygy geçirildi. GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 10-11-i aralygynda Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde ýerine ýetirilýän “Merkezi Aziýa ykdysady ösüş üçin howanyň üýtgemegini hasaba almak bilen ýer serişdelerinden durnukly peýdalanmak” atly ýerine ýetirilýän sebitleýin taslama ýerine ýetirmek maksady bilen wideo aragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. GIŇIŞLEÝIN

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 3-nji fewraly, şu gün Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda suw hojalyk meselesine bagyşlanan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi. Oňa Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-ne Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Daşoguz we Lebap welaýat häkimlikleriniň wekilleriniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda göni wideo aragatnaşyk arkaly “Türkmenistanyň guraklaşan sebitlerinde ýerli jemagatyň howanyň üýtgemegine durnukly ykdysady durmuş işjeňligini goldamak” atly taslamanyň Dolandyryjy geňeşiniň 9-njy mejlisi geçdi. GIŇIŞLEÝIN

2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-na Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ABŞ-nyň “Atella” we Belgiýanyň “Johen-Cockrill” kompaniýalary bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly Konsorsium geçdi.
Duşuşygyň dowamynda daşary ýurt kompaniýalary suw hojalyk pudagynda öz edýän işleri bilen, aýratynda suwy süýjediji desgalary gurmak we ol işleri alyp barmagyň düzgünleri barada maglumat hökmünde çykyş etdiler. Kompaniýalar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýändiklerini hem-de geljekde işleşmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE
YNANYŞMAGYŇ WATANY

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy

Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73

Fax belgimiz: (99312) 44-83-88

E-mail: scwm@online.tm

Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň "Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy" bölümi tarapyndan döredildi.

Ähli hukuklar goralan