TÄZELIKLER

2021-09-27

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda harby ýöriş geçirildi

Şu gün Türkmenistanda esasy döwlet baýramy – Garaşsyzlyk güni bellenilýär. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler tutuş ýurtda geçirilýär.

Ähli ýerlerde giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyrylyp, köp sanly häzirki zaman desgalary, nebitgaz we himiýa senagatynyň, energetika toplumynyň, oba hojalyk, ulag we kommunikasiýa, söwda we hyzmatlar ulgamynyň desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Türkmen halkynyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, obalarda we şäherlerde halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümler kemala gelýär.

Ir bilen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresi bilen başlandy. Baýramçylygyň öňüsyrasynda açylan Döwlet münberiniň toplumy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän esasy dabaralaryň ilkinji gezek merkezi boldy.

Dabaraly harby ýörişe ilki bilen harby gullukçylaryň nyzamly gadam urýan pyýada hatarlary, soňra bolsa harby enjamlaryň iň soňky nusgalary we türkmen goşunynyň tehniklary geçdi. Halkymyzyň parahat durmuşynyň we döredijilikli işiniň ygtybarly galkany bolan Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukybyny artdyrmak üçin, ähli tagallalary edilýär.

Döwlet münberiň öňünden geçýän esgerleriň we serkerdeleriň hereketleriniň nyzamlylygy we gözelligi, esger hatarlarynyň jebisligi buýsanç duýgusyny döredýär.

Dabaraly ýörişine ministrlikleriň we müdirlikleriň işgärleri hem gatnaşdy.

Gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň uly dabaralaryna doly hukuk bilen gatnaşyp gelýän ahalteke atlaryna atlanan harby gullukçylaryň bir toparynyň meýdançadan geçmegi ýubileý paradynyň bezegi boldy. Ezber at oýnatma, atlaryň tegelenip tans etmesi Türkmenistanyň buýsanjydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýene-de bir gezek özleriniň ussatlygyny görkezdiler.

Watançylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk – bular türkmen halkyna gadymy döwürlerden bäri mahsus häsiýetlerdir.

Bu uly şatlygy Türkmenistanyň halky bilen paýlaşmak üçin, Aşgabada daşary ýurtlardan abraýly myhmanlar hem geldi.

Çeşme: Turkmenistan.gov.tm

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.