TÄZELIKLER

2021-09-01

KITAPHANALAR SANLY ULGAMDA

Medeniýet ulgamynda hem uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetildi. Bu ulgamyň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphanalaryň bu günki gün halkymyza döwrebap derejede hyzmat etmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz: «Kitaphana — ýurdumyzyň medeni-bilim babatda ýeten derejesiniň, ilatyň paýhas ösüşiniň görkezijisi» diýip belleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem kitaphanalara täze iş usullary ornaşdyrylýar. Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň ähli kitaphanalary üçin ylmy we usulyýet merkezi bolmak bilen, milli Liderimiziň uly aladalary netijesinde durmuşa geçirilen bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hem merkezine öwrüldi. Bitewi elektron kitaphana ulgamy durmuşa geçirilýän işleri talabalaýyk alyp barmakda, okyjylaryň isleg bildirýän kitaplaryndan bökdençsiz peýdalanmaklarynda uly ýardam berýär. Döwlet kitaphanasyna gelip gowuşýan neşir önümleriniň ähli görnüşleri elektron kataloga ýüklenýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda elektron katalogy giň okyjylar köpçüligine hyzmat edýär. Bu elektron kataloga döwlet kitaphanasynda bar bolan makalalar hem-de kitaplar baradaky maglumatlar girizilýär. Kitaphanamyza gelýän her bir okyjy bu katalogyň üsti bilen özüne gerekli bolan maglumaty ýa-da çeper eseri ady ýa-da onuň awtorynyň üsti bilen tapyp bilýär. Bu bolsa okyjylara ýakyn ýardam bolmak bilen birlikde, olaryň hem-de kitaphana işgärleriniň wagtlaryny tygşytlamaga giň mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da biziň Döwlet kitaphanamyzda ýörite saýt hereket edýär. Bu saýtda kitaphana hem-de onuň bölümleri barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir. Bu saýtda täze kitaplar hem-de kitaphanada geçen döwlet derejesindäki çäreleriň beýany bilen okyjylar yzygiderli tanyşdyrylyp durulýar. Olar şol geçirilen çäreler hem maslahatlar bilen bu saýt arkaly ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Onlaýn tertipde geçirilýän duşuşyklardyr maslahatlaryň halkara derejesine çykmagy kitaphana işgärleri hökmünde bizi diýseň begendirýär hem buýsandyrýar. Bu ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler beýik Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir. Kitaphana ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäge şeýle mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.