TÄZELIKLER

2021-07-14

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça «WAVE» taslamasynyň milli duşuşygyna göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiki merkeziniň bilelikde gurnamagynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça «WAVE» taslamasynyň milli duşuşygy göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti; Türkmenistanyň Daşary işler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Bilim, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri hem-de Türkmenistandaky ABŞ-nyň Ilçisi gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary suw baýlyklaryny tygşytlamak we tygşytly peýdalanmak Türkmenistan üçin iň möhüm meseleleriň biridigi we suw pudagynda daşky gurşawyň ähli ülňülerine we ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine uly üns berilýändigi barada belläp geçdi. Şeýle hem taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine esaslanyp, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hyzmatdaşlyga we suw pudagynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.