TÄZELIKLER

2021-06-25

Türkmenistanda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlandy

“Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşigi Lebap welaýatynda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlady. Gurulýan emeli deňziň taslama sygymy 4 milliard kub metre barabar bolar. Ol, esasan, Amyderýada suw joşguny wagtynda doldurylar. ORIENT-iň habar bermegine görä, geljekki emeli deňze ugrukdyryjy kanalyň gurluşygyna başlandy. Ol Zeýid suw howdanyndan (häzir – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy suw howdany) birnäçe kilometr günorta-günbatara ýaýrar. Kanal Amyderýadan başlap, günbatara tarap 14 km uzalar. Oňa derýadan suwuň ýygnalmagy öz akymyna bolar. Kanalyň gurluşygy ýurduň oba hojalygynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ägirt uly meýilnamanyň başlangyjy bolar. Kanalyň ýoly Amyderýada ýyllyk akym düzgünini göz öňünde tutmak bilen gurlar. Indi derýada suw az bolsa-da, suw ýurtda iň ulusy bolmaly howdandaky suw goýberiji desga çenli ýoluň ähli bölegini päsgelçiliksiz geçer. Täze suw howdany diňe ätiýaç wezipesini däl, eýsem derýa suwuny durlaýjy howuz wezipesini hem ýerine ýetirip biler. Derýa suwunyň bir kub metrinde käwagt üç kilograma çenli gyrmançanyň bolýandygyny belläp geçmek gerek.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz: 744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaýy
Telefon belgimiz: (99312) 44-83-73
Fax belgimiz: (99312) 44-83-88
E-mail: scwm@online.tm

Ähli hukuklar goralan.